Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Ätiýaçlandyrylan şahsyň özüniň zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda we onuň iş ýerine hem-de yzyna barýan wagtynda betbagytçylykly hadysanyň netijesinde ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetmegi bilen baglanyşykly hususy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda Ätiýaçlandyrylan şahsyň zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda we onuň iş ýerine hem-de yzyna barýan wagtynda betbagytçylykly hadysanyň netijesinde ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetmegi bilen dörän waka ýa-da ýagdaý ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär.
Şeýle-de, ätiýaçlandyryş halatyna şu
aşakdakylar degişlidir:
a)
organlaryň (ýatgynyň, ýatgy turbalarynyň ýeke biriniň ýa-da ikisiniň,
ýumurtgalyklaryň) aýrylmagyna sebäp bolan patologik çaga dogurma ýa-da ýatgydan
daşarky göwrelilik;
b) zäherli
ösümlikler, himiki maddalar (senagat ýa-da durmuşy gelip çykyşly), hili ýaramaz
iýmit önümleri, dermanlar bilen
tötänleýin ýiti zäherlenme, iýmit toksikoinfeksiýasyndan başga (salmonellýoz,
ganly içgeçme (dizenteriýa) we ş.m.),
asfiksiýa (demikme), sakyrtga ýa-da sanjymdan soňraky ensefalit
(ensefalomiýelit), elektrik togunyň urmagy (atmosfera elektrigi), ýylanlaryň,
zäherli mör-möjekleriň çakmagy, bürme keseli we botulizm.
Şu aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan halatlar
ätiýaçlandyryş halaty hökmünde ykrar edilip bilinmez hem-de Ätiýaçlandyrylan
şahsa ýetirilen zyýanyň öwezi dolunmaga degişli däldir:
a)
anyklaýyş we deslapky derňew edaralary ýa-da kazyýet tarapyndan bilkastlaýyn
jenaýatyň alamatlarynyň barlygy kesgitlenilen hereketleriň edilmegi;
b) alkogol,
neşe we psihotrop serişdeleriň täsiriniň netijesinde serhoşluk;
ç) öz-özüne
kast etme (öz-özüne kast etmä synanyşma), üçünji şahslaryň bikanun
hereketleriniň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň şol derejä ýetirilen
halatlary muňa degişli däldir;
d)
Ätiýaçlandyrylan şahsyň bilkastlaýyn özüne ten şikeslerini ýetirmegi;
e)
Ätiýaçlandyrylan şahsyň ölümine sebäp bolan
Ätiýaçlandyrýanyň (ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsyň çaklanylýan
mirasdüşerleriniň) bilkastlaýyn hereketleri.