Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Ätiýaçlandyrýanyň ulag
serişdesine eýelik etmegi, peýdalanmagy, ygtyýar etmegi bilen baglanyşykly
emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
Taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyna goşmaça ätiýaçlandyryş pul möçberi bellenilende ätiýaçlandyryşa degişlidir:
- ulag serişdesinde bolan sürüjileriň we ýolagçylaryň betbagtçylykly hadysalary;
- zähmete ukyplylygyň wagtlaýynça ýa-da doly ýitirilmegi; saglygy goraýyş çykdajylary;
- ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi. Ulag serişdesinde goş hökmünde bolan gymmat bahaly zatlar, gymmat bahaly metallar, gymmat bahaly metallardan ýasalan önümler, gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlar we olardan ýasalan önümler, kino-wideoenjamlar, dini zatlar, golýazmalar, pul belgileri, gymmat bahaly kagyzlar, resminamalar we fotosuratlar ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilmeýär.
Ulag serişdesiniň sürüjisiniň we ýolagçysynyň betbagtçylykly hadysalaryndan
ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryşyň obýekti ulag serişdesiniň ýolagçysynyň
we (ýa-da) sürüjisiniň ömri we saglygy bolup durýar.
Ulag serişdesiniň sürüjisiniň we ýolagçysynyň betbagtçylykly hadysalaryndan
ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul
möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär.
Ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk
jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda
görkezilen ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji
taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirilen zyýan (zelel)
ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar;
Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklýkda Ätiýaçlandyrýanyň
heläkçilik (çakyşma, agdarylma, duran ulag serişdesini, päsgelçiligi, pyýadany,
tigirli ýolagçyny, arabany kakdyrmagy, ýolagçynyň gaçmagy we ýol-ulag
hadysalarynyň başga görnüşleri) netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna
we emlägine ýetiren zyýanyň (zeleliň) öwezini dolýar.