Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Üçünji şahslaryň öňündäki
raýat-hukuk jogapkärçiligi – ätiýaçlandyryş
şertnamasynda görkezilen telekeçilik işleri amala aşyrylanda bolup geçen
ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde
ömre, saglyga we (ýa-da) emläge ýetirilen zyýan üçin fiziki we ýuridik
şahslaryň öňündäki jogapkärçilik.
Şu Kadalara laýyklykda, Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş
şertnamasynda görkezilen telekeçilik işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly
üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna we(ýa-da) emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini
dolmak bilen bagly Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti
bolup durýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça
şu aşakdakylar bilen bagly raýat-hukuk jogapkärçiligi babatynda töwekgelçilik
ätiýaçlandyrylyp bilner:
-üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna ýetirilen zyýan üçin;
-üçünji şahslaryň emlägine ýetirilen zelel üçin;
-üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan (zelel) üçin.
Ätiýaçlandyryş şertnamasyna görä ätiýaçlandyryş pul
möçberi Ätiýaçlandyrýan bilen Ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky ylalaşyk boýunça
töwekgelçiligiň her bir görnüşi (üçünji şahslaryň ömrüne, saglygyna we(ýa-da)
emlägine ýetirilen zyýan) boýunça jogapkärçiligiň bellenen çäklerinde
kesgitlenýär.