Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
1. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş goragy
bilen üpjün edilýän möhletinde, ätiýaçlandyryş çäginde bolýan wagtynda
bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty netijesinde onuň ömrüne ýa-da saglygyna
zelel ýetirilmegi bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri
ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
2. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilýän möhletinde ätiýaçlandyryş çägine gelen wagtynda duýdansyz kesellemegi, betbagtçylykly hadysa uçramagy, şeýle hem aradan çykmagy ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär.
Ätiýaçlandyrylan şahs
(onuň aradan çykan halatynda - mirasdarlar) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze
çykmagyna we Ätiýaçlandyryjynyň öwezini dolmagyna degişli çekilen
çykdajylaryň möçberini subut etmäge borçludyr.