Türkmenistanyň çäginde bolýan ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş
Ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda Ätiýaçlandyrylan şahs- emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrlan fiziki ýa-da ýuridiki şahs.
Türkmenistanyñ çäginde bolýan wagtynda bolup geçen duýdansyz kesellemegiñ ýa-da betbagtçylykly ýagdaýyñ netijesinde ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýeten mahalynda Ätiýaçlandyrylan şahsa lukmançylyk kömeginiň berlendigi üçin çykdajylaryň öwezini dolmak ýoly bilen goralýan şahsy bähbitler (Ätiýaçlandyrylan şahsyñ) ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyñ hereket edýän döwründe duýdansyz kesellemegiñ ýa-da betbagtçylykly ýagdaýyñ netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyñ saglygyna zyýan ýetmegi (tiz we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek bilen), şeýle hem şu ýagdaýyñ netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyñ merhum bolmagy ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyñ hereket edýän döwründe Ätiýaçlandyrylan şahsyñ Türkmenistanyñ çäginde bolýan wagtynda duýdansyz kesellemegiñ ýa-da betbagtçylykly ýagdaýyñ netijesinde bolup geçen wakalar ätiýaçlandyryş halatlary diýlip ykrar edilýär.
Duýdansyz kesellemekden we betbagtçylykly ýagdaýlardan ätiýaçlandyrmak olaryñ lukmançylyk nukdaýnazaryndan zerur bolan mahalynda berlen hyzmatlar üçin, şeýle hem tiz we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiñ edilendigi üçin tölegleri göz öñünde tutýar.