1. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylan pursatyndaky emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýarlar. 


2. Ätiýaçlandyryş bähbidi – ätiýaçlandyryş obýektiniň ätiýaçlandyrylmagyna maddy taýdan bildirilýän gyzyklanmanyň ölçegi.  


3. Emläk bähbidi Ätiýaçlandyrýanyň eýeçilik edýän, peýdalanýan we ygtyýar edýän ätiýaçlandyryş obýektiniň gymmatyndan öwez tölegini almagynda, şeýle hem Ätiýaçlandyryjy tarapyndan özüniň fiziki şahsyň janyna, saglygyna we/ýa-da emlägine ýetiren zyýanynyň, şeýle hem ýuridik şahsyň (mundan beýläk – üçünji şahslar) emlägine ýetirilen zyýanynyň öweziniň dolunmagynda ýüze çykýar.


4. Deňiz (derýa) gämisiniň bar bolan gurluşy ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar: gäminiň gabarasy, hereketlendirijileri, enjamlary we esbaplary, ýangyç-çalgy ýag materiallary we beýleki sarp edilýän materiallar muňa girmeýär.


Şu kadalara laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän,  maşynlary, enjamlary, takelažlary, içerki bezegler we ş.m. goşmak bilen, suw ulagy serişdesine eýeçilik etmek, peýdalanmak, ygtyýar etmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleri, şeýle hem ätiýaçlandyryş obýekti arkaly daşalýan ýük ätiýaçlandyryş obýekti bolup biler.   


5. Şertnama boýunça olaryň maksadyna, ýüzýän ýerine, gurluş materialyna, ýöredijiniň we hereketlendirijiniň görnüşine baglylykda deňiz (derýa) gämileri ätiýaçlandyrylyp bilner. Olar şu toparlara bölünýär:


Bellemek maksady boýunça: 

- söwda, gulluk, sport, senagat, ýolagçy, gezelenç etmek maksatly gämiler (lihterler, tirkegler, paromlar, baržalar, katerler we ş.m.).


Söwda gämileri daşalýan ýüküň häsiýetine baglylykda şulara bölünýär:

- Gury ýük daşaýanlar. Bular gaplanan we gaplanmadyk gury ýükleri daşamak üçin ulanylýar (sowadyjy enjamlary bolan gämiler, agaç daşaýjylar, däne daşaýjylar, konteýnerleri daşaýjylar, paket daşaýjylar we ş.m.);

- Suwuk ýükleri daşaýanlar. Bular guýulýan suwuk ýükleri daşamak üçin ulanylýar (tankerler we ş.m.).


6. Şular ätiýaçlandyrmak üçin kabul edilmeýär:


6.1. Gurluş elementleri (hereketlendirijileri, gabarasy, gurluşy, ýüzüş we beýleki gämi abzallary, maşynlary we enjamlary) gurat bolmadyk suw ulagy serişdeleri; 


6.2. Gämileriň döwlet sanawyna girizilmedik we resmi taýdan bellige alnan, degişli buzluklurda ýüzüş derejesi bolmadyk suw ulagy serişdeleri; 


6.3. Ätiýaçlandyrýana degişli bolmadyk we ol tarapyndan şertnama gatnaşyklary netijesinde alynmadyk, suw gämilerinde ýerleşdirilen, emläk. 


HYZMATDAŞLARYMYZ

HEMIŞE ONLAÝN

BIZ SIZE GARAŞÝARYS!