Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs; Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) emläge eýeçilik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýektleri bolup durýar.
Ätiýaçlandyryş
şulara degişlidir:
a. jaýlar (önümçilik, edara, durmuş-medeni maksatly,
jemgyýetçilik tarapyndan peýdalanylýan we beýleki binalar);
b. desgalar (minaralar,
bogaldaklar, gurallar we beýleki önümçilik-tehniki enjamlar);
c. inženerçilik we önümçilik-tehnologik
enjamlar (kommunikasiýalar, ulgamlar, abzallar, elektron-hasaplaýyş tehnikasy,
stanoklar, geçiriji we güýç maşynlary, beýleki mehanizmler we abzallar);
d. hojalyk jaýlary (garažlar, zat
saklanýan ýerler, ammarlar, bassyrmalar, üsti ýapyk meýdançalar, germewler we
ş.m.);
e. aýratyn duran jaýlar (sehler,
laboratoriýalar, otaglar we ş.m.);
f. gurluşygy tamamlanmadyk desgalar;
g. esbaplar, tehniki abzallar;
h. bezeg predmetleri, mebel, öý
goşlary;
i. haryt-maddy gymmatlyklar (harytlar, çig mal, materiallar).
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda
başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş şulara degişli däldir:
a. milli we daşary ýurt pulundaky
nagt pul serişdeleri;
b. paýnamalar, obligasiýalar we
beýleki gymmatly kagyzlar;
c. golýazmalar, meýilnamalar,
çyzgylar we beýleki resminamalar, buhgalterçilik we işewür kitaplar;
d. modeller, maketler,
nusgalyklar, görnüşler we ş.m.);
e. guýlan gymmat bahaly metallar
we çarçuwasyz gymmatly daşlar;
f. kompýuter we şoňa meňzeş
ulgamlaryň maglumatlarynyň tehniki göterijileri, hususan-da, magnit plýonkalary
we kassetalar, magnit diskleri, ýat bloklary we ş.m.);
g. markalar, monetler, pul
birlikleri we kagyz pullar, suratlar, kartinalar, heýkeller ýa-da beýleki
kolleksiýalar ýa-da sungat eserleri;
h. partlaýjy we partlama howply
maddalar (benzin, dizel ýagnyjy, ýag, gaz we ş.m.);
i. saklanýan ýa-da komissiýa
berlen harytlar;
j. ulag serişdeleri, hereket
edýän maşynlar, gurluşyk we oba hojalyk ýa-da beýleki maşynlar;
k. ätiýaçlandyrylan jaýda
ýerleşýän, ýöne ätiýaçlandyrýana degişli bolmadyk emläk;
l. oba hojalyk mallary, köp
ýyllyk ekinler we oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasyl;
m. awariýa ýagdaýyndaky jaýlar we
desgalar, gurnama elementleri we inženerçilik ulgamlary, şeýle hem olarda
ýerleşýän emläk;
n. opurylma, süýşme, suw basma
howpy bolan zolakda ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyklaryň howp salýan
zolagynda, şeýle hem, eger bu habar ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylmazyndan
öň berlen bolsa, bellenen tertipde bu howp barada habar berlen pursatyndan
başlap, harby hereketleriň zolagynda ýerleşýän emläk;
o. dolanyşykdan çykarylan ýa-da dolanyşygy çäklendirilen beýleki emläkler.
7-nji bölümde sanalyp geçilen
predmetleri ätiýaçlandyrmak taraplaryň ylalaşygy bilen geçirilip bilner we
ätiýaçlandyryş şertnamasyna (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna) ýörite goşmaçalar
bilen resmileşdirilmelidir.