Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Önümçilikde zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda betbagtçylykly hadysalar we/ýa-da hünär keselleri netijesinde Ätiýaçlandyrylan işgär ýa-da işgärleriň (Ätiýaçlandyrlan şahs ýa-da şahslaryň) ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça onuň borçnamasy bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrýanyň bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.
Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş boýunça, önümçilikde betbagtçylykly hadysa we/ýa-da hünär keseli netijesinde Ätiýaçlandyrylan işgär ýa-da işgärleriň (Ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da şahslaryň) ömrüne we saglygyna zyýan ýetirilmegi üçin Ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär.
Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze
çykmagy bilen, ätiýaçlandyrýanda -ätiýaçlandyryja degişli ätiýaçlandyryş pul
möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek we ätiýaçlandyryş
şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki
borçnamalary berjaý etmek boýunça talap bildirmek hukugy, ätiýaçlandyryjyda
bolsa, bu barada degişli borçnama döreýär.
Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň subutnamasy degişli resminamalar we dogruluguna şübhe döretmeýän beýleki maglumatlar esasynda, kazyýetleriň derňew we beýleki edaralaryň çözgütleri bilen, şeýle hem zerur bolan halatlarda, bolsa bilermenleriň netijenamalary esasynda bellenilýär.