Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Ätiýaçlandyrýanyň özüniň eýeçilik edýän, peýdalanýan ýa-da ygtyýarlyk edýän
ätiýaçlandyrylan emläginiň bahasyndan öwez tölegini almakdaky emläk bähbidi
ipoteka ätiýaçlandyryşynyň obýekti bolup durýar.
Ätiýaçlandyrylan emläge ony olaryň bellenen maksadyna deň ölçegli zyýan ýetirmezden daşalmagy mümkin bolmadyk gozgalmaýan emläk, şol sanda fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň eýeçiliginde, hojalygy ýöretmek ýa-da dolandyrmak esasynda olaryň garamagynda bolýan jaýlar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary, öýler, gaýry emläk toplumlary we Türkmenistanyň kanunçylygynda gozgalmaýan emläge degişli edilen beýleki emläkler degişlidir.
Baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça
ätiýaçlandyryş halatlaryna olaryň netijesinde ätiýaçlandyryş obýektine zyýan
ýetirilen şu ýagdaýlar degişlidir:
- ýangyn ýa-da ätiýaçlandyryş obýektine ýangynyň
netijesinde başga bir zyýan ýetmegi;
- tebigy betbagtçylyklar (ýeriň titremegi, ýerasty oduň
täsiri, opurylma, gorp atma, ýyldyrym urmagy, siliň gelmegi, tupan,
tüweleý, harasat, suwuň daşmagy, suw basmagy, ýerasty suwlaryň ýokary galmagy
sebäpli suw almagy we beýlekiler);
- ätiýaçlandyryş obýektine suw geçiriji, lagym,
ýyladyş ulgamlaryndan we ýangyn söndüriş ulgamlaryndan suw akmagy sebäpli zyýan
ýetmegi;
- ätiýaçlandyryş obýektiniň üstüne dolandyrylýan
uçýan enjamlaryň we olaryň bölekleriniň gaçmagy;
- üçünji taraplaryň ätiýaçlandyryş obýektine zyýan ýetmegine getiren bilkastlaýyn hereketleri.
Ýangynyň netijesinde ýüze çykmadyk oduň netijesinde ýeten zelel,
şeýle hem ätiýaçlandyrylan emlägi ot, ýylylyk bilen işletmegiň ýa-da ony gaýtadan
işlemek maksady bilen ýa-da başga bir maksatlarda oňa beýleki bir ýyladyş
täsirini ýetirmegiň netijesinde ýetirilen zyýan ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilmeýär we onuň öwezi
dolunmaga degişli däldir.
Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana ýüze çykanda ätiýaçlandyryş
öwezini doluş tölegini geçirmäge borçly bolýan ätiýaçlandyryş
halatlarynyň sanawy ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenýär.