Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
1. Ätiýaçlandyrýana (Bähbit görüjä)
eýeçilik hukugy esasynda degişli bolan ýaşaýyş jaýlary ätiýaçlandyryş
obýektleri bolup bilerler, olara aýratyn duran ýaşaýyş jaýlary ýa-da köp öýli
ýaşaýyş jaýlaryndaky öýler degişlidir, şol sanda ähli gurluş bölekleri, şeýle
hem bezeg elementleri we enjamlar; diwarlar, aralyk diwarlar (diwara ýelmenýän
bezeg kagyzlary we beýleki örtülýän, düşelýän zatlar); pollar, potoloklar,
daşlyk tutulan gapylar; äpişge we gapy söýeleri we çarçuwalary, aýnalar we
witražlar; gapy tutawaçlary; gapy gulplary; elektrik jaňlary; elektrik simleri
we elektrik hasaplaýjylar, santehnika enjamlary; ýyladyş enjamlary we
beýlekiler.
2. Şu Kadalar boýunça aşakda görkezilen aýratyn duran ýaşaýyş jaýlary ýa-da köp öýli ýaşaýyş jaýlaryndaky öýler ätiýaçlandyrylyp bilinmez:
a. bellenen tertipde ýaşamak üçin ýaramly däl diýip ykrar edilen ýa-da awariýa ýagdaýyndaky jaýlar;
b. ýaşamak üçin howply zolaklarda ýerleşen, gorp atmak, suw basmak howpy ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyklar howpy abanýan ýaşaýyş jaýlary, bellenen tertipde şeýle howpuň bardygy yglan edilen ýa-da ygtyýarly edaralar tarapyndan (gidrometeorologiýa gulluklary we beýlekiler) tarapyndan howpuň bardygyny tassyklaýan degişli resminamalar (delilnama, netijenama we ş.m.) düzülen pursatyndan;
c. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy
hukuk namalaryna laýyklykda ulanmak üçin kabul edilmedik jaýlar.