Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157




Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Hünärmençilik jogapkärçiligi - Ätiýaçlandyrýanyň özüniň hünärmençilik işiniň barşynda ýol berlen geleňsizlik ýa-da tejribäniň ýetmeýändigi netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we/ýa-da emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak borjy;
Ätiýaçlandyryş
şertnamasynda görkezilen hünärmençilik işiniň amala aşyrylmagy (borçnamalaryň
ýerine ýetirilmegi) bilen bagly, Ätiýaçlandyrýanyň onuň üçünji taraplaryň
ömrüne, saglygyna we/ýa-da emlägine bilkastlaýyn däl ýetirilen zyýanyň öwezini
dolmak borçnamalary bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu
kadalara garşy gelmeýän şahsy maddy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar (ähli hünärmençilik
işleriň görnüşleri boýunça).
Hünärmençilik işiniň anyk görnüşini
ätiýaçlandyrmak boýunça Goşmaça şertlerinde ätiýaçlandyryş obýektini kesgitlemek
hünärmençilik işiniň anyk görnüşine baglylykda takyklanyp ýa-da üsti ýetirilip
bilner.