Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;
Şu Kadalaryñ şertlerinde baglaşylan Şertnama boýunça aşakdakylaryñ emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup biler:
а) Howa gämisine eýelik etmek,
peýdalanmak, ygtyýar etmek baglanyşykly we onuñ abat saklanmagynda kanuna,
başga hukuk namasyna ýa-da şertnama esaslanýan bähbidi bar bolan şahslar, şol bähbit bilen bagly şu Kadalaryñ IV
«Howa gämilerini kasko ätiýaçlandyrmak» (Howa uçarlary we dik
uçarlary) bölüminde görkezilen kasko töwekgelçiliklerini
ätiýaçlandyrmak amala aşyrylýar;
b) Howa gämisini ulanyjynyñ, ýük daşaýjynyñ, gäminiñ eýesiniñ ýa-da
aşakda görkezilen jogapkärçilik üstüne ýüklenip bilinjek başga şahsyñ emläk
bähbitleri, şu „b“ bentde agzalan şahslaryñ Howa gämisiniñ ulanylmagy bilen
bagly we howa gatnawlary ýerine ýetirilende emläge ýetirilen zyýan we adamlaryñ
ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyñ öwezini raýat kanunçylygynda bellenen
tertipde dolmak borçlary bilen bagly jogapkärçilikdir (üçünji taraplaryñ
öñündäki jogapkärçilik; ýolagçynyñ ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan üçin, el
goşlary we ýolagçynyñ ýanyndaky zatlar üçin jogapkärçilik; ýüküñ, poçtanyñ
ýitirilendigi, kem çykandygy, zeper ýetendigi (zaýalanandygy) üçin
jogapkärçilik), şunuñ bilen bagly, şu Kadalaryñ V „Üçünji taraplaryñ öñündäki raýat jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak“, VI "Ýolagçylaryñ öñündäki
(ýolagçynyñ ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan üçin) raýat jogapkärçiligini
ätiýaçlandyrmak", VII "El goşlarynyñ we ýolagçynyñ ýanyndaky zatlaryñ
ýitirilendigi, kem çykandygy, zeper ýetendigi (zaýalanandygy) üçin ýolagçylyryñ
öñündäki raýat jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak", VIII "Ýüküñ, poçtanyñ ýitirilendigi, kem çykandygy,
zeper ýetendigi (zaýalanandygy) üçin raýat jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak"
bölümlerinde görkezilen töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmak amala aşyrylýar.