Kadalaryň şertlerine laýyklykda “Hazar ätiýaçlandyryş” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (Ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen, Türkmenistanda hasaba alnan we onuň çäginde öz işini amala aşyrýan, şeýle hem Halkara ýük daşamak hakyndaky Gümrük konwensiýasyna laýyklykda HÝD kitapçasyny ulanyp halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşary ýurt ýuridik şahslary, olaryň şahamçalary we wekilhanalary hem-de Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk şahslar (Ätiýaçlandyrýan) bilen Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşyň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýar.


Ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki ýa-da ýuridik şahs.


Ätiýaçlandyrýanyň gümrük edaralarynyň öňündäki borçnamasy bilen baglanyşykly emläk bähbitleri  ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

HYZMATDAŞLARYMYZ

HEMIŞE ONLAÝN

BIZ SIZE GARAŞÝARYS!