1. Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş obýektleri bolup durýarlar:

- gurluşyk işleri, şol sanda gurulýan binalar, desgalar we beýleki obýektler, gurluşyk materiallary we gurnaýyşlary, şeýle hem taslama-sanaw resminamalarynda göz öňünde tutulan we gurluşyk işlerini amala aşyrmagyň zatlary hem-de serişdeleri bolup durýan beýleki emläk;

- gurnaýyş işleri, şol sanda gurulýan obýektler, gurnalýan enjamlar, şeýle hem taslama-sanaw resminamalarynda göz öňünde tutulan we gurluşyk işlerini amala aşyrmagyň zatlary hem-de serişdeleri bolup durýan beýleki emläk;

- gurluşyk meýdançasynyň enjamlary: wagtlaýyn binalar we desgalar, ammar jaýlary, germewler, gurluşyk agaçlary, galyplar, inžener ulgamlary we başgalar;

- gurluşyk tehnikasy we mehanizmleri: buldozerler, ekskawatorlar, greýderler, skreperler, ýol katoklary, belgileýji maşynlar, asfalt düşeýjiler, ýol frezleri, kranlar we ýük göterijiler, ýük ýükleýjiler, beton garyjylar, beton sorujylar, kompressorlar we başgalar;

- çäkleri döwük-ýenjiklerden we dökülen zatlardan arassalamak boýunça çykdajylar, olaryň zerurlygy şondan ýetirilen zyýan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda öwezini dolmaga degişli bolan waka bilen ýüze çykanda. Gurluşyk geçirilýän çäkleri mundan beýläk-de şertnamalaýyn işleri geçirmäge ýaramly ýagdaýa getirmek üçin ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykandan soň geçirilmeli şeýle harajatlar arassalamak boýunça çykdajylar hasaplanylýar.


2. Gurluşyk-gurnaýyş işleri geçirilen mahaly üçünji şahslaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak boýunça 1-nji goşmaça şertler şu Kadalarda kesgitlenen (1-nji goşundy).


3. Işe girizilenden soňky kepillendiriş borçnamalaryny ätiýaçlandyrmak boýunça 2-nji goşmaça şertler şu Kadalarda kesgitlenen (2-nji goşundy).

HYZMATDAŞLARYMYZ

HEMIŞE ONLAÝN

BIZ SIZE GARAŞÝARYS!