Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň
tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýan we ätiýaçlandyryş
obýektini ätiýaçlandyrmakda
ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik
şahs.
Ätiýaçlandyrylan şahsyň özüniň
kanunçylykda bellenen tertipde, Ätiýaçlandyrýan tarapyndan daşamak, şol sanda
halkara ýükleri daşamak we/ýa-da ekspedisiýa etmek şertnamalary boýunça öz
borçnamalary ýerine ýetirilen mahalynda üçünji taraplaryň (Bähbit görüjileriň)
emlägine ýetirilen zyýanyň ýa-da ömrüne we saglygyna ýetirilen zeleliň öwezini
dolmak, şeýle hem üçünji taraplara ýetirilen zyýan üçin Ätiýaçlandyrýanyň
jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy bilen bagly onuň kazyýet we kazyýetden daşary
çykdajylarynyň öwezini töletdirmek borjy bilen baglanyşykly emläk bähbitleri şu
Kadalaryň esasynda baglaşylan şertnamalar boýunça ätiýaçlandyryş obýekti bolup
durýar.
Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwez tölegini tölemek boýunça borjy şu ýagdaýlarda ýüze çykýar, eger-de:
а) Bähbit görüjiniň emläk bähbitlerine zyýan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen döwürde ýetirilen bolsa;
b) Bähbit görüjiniň emläk
bähbitlerine zyýan Ätiýaçlandyrýanyň önümçilik işiniň netijesinde ýetirilen
bolsa.