Ätiýaçlandyrýanyñ (Bähbit görüjiniñ) demir ýol ulag serişdelerine ýagny ätiýaçlandyryş obýektine eýelik etmek, ygtyýar etmek, ulanmak bilen bagly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

Demir ýol ulag serişdelerini meýletin kadalara laýyklykda hereket edýän düzümiñ we çekiji hereket edýän düzümiň ulanmaga ýaramly demir ýol ulag serişdeleri we umumy peýdalanylýan we peýdalanylmagy umumy bolmadyk, awtonom hereket etmek mümkinçiligi bolan ýük daşaýan we ýolagçylary gatnadýan demir ýol ulag serişdeleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

Ähli toparlara degişli we belgileýin binýatda bellige alnan, ulanmaga ýaramly Demir ýol ulag serişdeleri, şol sanda demir ýollaryñ, demir ýol ulaglarynyñ senagat kärhanalarynyñ, şeýle hem Demir ýol ulag serişdeleriniň hereket etmegi üçin bellenen tertipde rugsatnama alan, pudaga degişliligine we eýeçilik görnüşine garamazdan ýuridik we fiziki şahslaryñ inwentar parklarynda bellige alnanlar ätiýaçlandyrylyp bilner.

Ätiýaçlandyryşa şu aşakdaky demir ýol ulaglary kabul edilmeýär:

1) olaryň işleýänligine ýa-da işlemeýänligine garamazdan muzeý eksponatyndaky demir ýol ulaglary;

2) öndüriji zawodyň ulanyş düzgünlerine laýyklykda, göz öňünde tutulmadyk maksatlara peýdalanylýan demir ýol ulaglary;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen talaplara laýyk gelmedik demir  ýol ulaglary.

HYZMATDAŞLARYMYZ

HEMIŞE ONLAÝN

BIZ SIZE GARAŞÝARYS!