Nebit, gaz, geotermal, suw we beýleki guýular, şeýle-de olarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly çykdajylar hem-de raýat-hukuk jogapkärçiligi  ätiýaçlandyryşyň obýektleri bolup durýarlar. Ätiýaçlandyryş obýektlerini häsiýetlendirýän işler we ýagdaýlar şular, ýagny:

- buraw guýusynda önümiň çykarylyp başlanan senesinden degişli işleriň tamamlanmagyna çenli ýa-da başga sebäpden ätiýaçlandyryş bes edilýänçä burawlamak, çuňaltmak, tehniki hyzmat etmek, abatlamak, dikeltmek ýa-da önümi çykaryp başlamaga taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmegi;

- buraw guýusynda nebitiň, tebigy gazyň ýa-da beýleki suwuk ýa-da gaz görnüşli gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň çykarylyşynyň alnyp barylmagy;

- buraw guýusynda nebitiň, tebigy gazyň ýa-da beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň çykarylyşy haýsydyr bir sebäpden wagtlaýyn bes edilmegi, guýunyň  petiklenmegi ýa-da gaýry usul bilen konserwirlenmegi;

- buraw guýusyny üpjün edýän nebitli ýa-da gazly gatlaklaryň boşamagy sebäpli nebitiň, tebigy gazyň ýa-da beýleki suwuk ýa-da gaz görnüşli gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň çykarylyşynyň bes edilmegi;

- ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen çäklerde we degişli ýerasty känlerde daşky gurşawa ýetirilen zeleliň, şol sanda howanyň, suwuň, ýerüstüniň we ýerastynyň hapalanmagy bilen ýetirilen zyýanyň netijelerini ýok etmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň çekilmegi.


Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça şu töwekgelçilikler hem ätiýaçlandyrylyp bilner:

- üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna zyýanyň ýetirilmegi;

- üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zelel üçin raýat-hukuk jogapkärçiligi.


Ätiýaçlandyrýan 7-nji bölümiň 1-nji bendine laýyklykda ätiýaçlandyryşa hödürlenilýän guýularyň ýagdaýyny, şeýle hem ätiýaçandyryş şertnamasynyň baglaşylýan wagtynda ýokarda görkezilen işleriň geçirilen halatynda bu barada Ätiýaçlandyryjyny habarly etmäge borçludyr.


Şu Kadalara laýyklykda buraw enjamlary hem ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen şu aşakdakylar hem ätiýaçlandyryşa degişlidir:

- buraw enjamlary, nebit we gaz guýularyny ulanmak we olara tehniki hyzmat etmek boýunça enjamlar, şeýle hem ýük göteriji kranlar, kranlar, gazanlar, suw gyzdyryjy enjamlar, buraw turbalary, gurallar, ätiýaçlyk şaýlary, agregatlar, garnituralar, degişli esbaplar, şeýle hem buraw işlerinde Ätiýaçlandyrýanyň ulanýan beýleki serişdeleri;

göçme enjamlar, hereket edýän düzüm, sement, buraw ergini ýa-da buraw garnuwy, himiki önümler, çöwlük turbalary, sowma ýollar, çyzgylar, meýilnamalar we resminamalar, şeýle hem ammarlardaky emläk. Şu bölümde sanalan emläk diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen bolsa ätiýaçlandyrylan diýlip hasap edilýär.


Ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen enjamlar we emläk diňe ätiýaçlandyrylýan ýeriň çäklerinde ätiýaçlandyrylan diýlip hasap edilýär.


Enjamyň başga ýere geçirilen halatynda ýagny, Ätiýaçlandyrýan  Ätiýaçlandyryjyny öz wagtynda (azyndan 1 aý öňünden) meýilleşdirilýän göçürme barada habarly edende ätiýaçlandyryş täze ýerde hereket etmäge dowam edýär. Şu ýagdaýda Ätiýaçlandyryjy enjamyň bir ýerden başga ýere geçirilmegi bilen ýüze çykan töwekgelçiligiň üýtgemegine laýyk gelýän gatanjyň möçberini bellemäge hukugy bardyr.


Ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan halatlarda we goşmaça gatanjyň tölenilen ýagdaýynda şularyň öwezi dolunýar:

ätiýaçlandyrýanyň kärende şertnamasy, hakyna tutmak ýa-da lizing(kireýine bermek) boýunça alan ýa-da oňa buýrujy ýa-da başga adamlar tarapyndan berlen ätiýaçlandyrylan guýularda peýdalanylýan buraw enjamyna ýa-da bolmasa beýleki enjama, şol sanda, buraw we çöwlük turbalaryna, iş geçirmekde ulanylýan beýleki enjama ýetirilen zelel. Şu ýagdaýda Ätiýaçlandyrýan kanuna ýa-da kärende şertnamasyna ýa-da hakyna tutmaga we lizinge(kireýine bermäge) laýyklykda öwezini dolmaga borçly bolan derejesinde ýetirilen zeleliň öwezini dolýar;

- bendine laýyklykda Ätiýaçlandyryjy tarapyndan öwezini doluş töleginiň tölemäge borjunyň ýerine ýetirmegine getirýän wakanyň ýüze çykmagy ýa-da şol wakanyň ýüze çykmak howpunyň dörän halatynda, 9.1. bendinde görkezilen enjamlary halas etmek boýunça zerur bolan hem-de maksadalaýyk çykdajylar.


Şu Kadalaryň şertlerinde şu aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan çykdajylaryň öwezi dolunýar:

- nebitiň we gazyň öňünden görülmedik halatda atylyp çykmagy;

- kraterleriň, grifonlaryň we çukurlaryň duýdansyz emele gelmegi;

- maçtalaryň, kranlaryň ýa-da derrik kranlaryň gollarynyň ýokary galmagy ýa-da aşak göýberilmegi;

- buraw enjamlarynyň, derrik kranlaryň ýa-da maçtalaryň çökmegi ýa-da guýa sorulmagy;

- ätiýaçlandyryşyň çäklerinde ýerüsti ýük daşamalar.

Ýerasty buraw guraly, şeýle hem beýleki enjamlar diňe şu aşakdakylaryň netijesinde çekilen çykdajylardan ätiýaçlandyrylan hasap edilýär:

- nebitiň we gazyň öňünden görülmedik halatda atylyp çykmagy;

- kraterleriň, grifonlaryň ýa-da çukurlaryň duýdansyz ýagdaýda emele gelmegi;

- ýangyn;

- partlama.


Şu Kadalarda “atylyp çykmagy” diýlip guýudan buraw erginiň duýdansyz ýagdaýda we üzül-kesil atylyp çykmagyna düşünilýär. Şeýle atylyp çykmanyň netijesinde nebitiň, gazyň ýa-da suwuň dolandyrylmaýan akymy emele gelýär. Bu akym burawyň sütüniniň oturdylan ýerinde ýerasty gatlaklardaky nebitiň, gazyň ýa-da suwuň basyşy sütüniňkiden has ýokary bolanda döreýär.  


Şu Kadalarda kraterleriň, grifonlaryň ýa-da çukurlaryň duýdansyz ýagdaýda emele gelmegi diýlip şuňa düşünliýär. Ýagny bu dolandyrylmaýan guýudan çykýan nebitiň, gazyň ýa-da suwuň akymynyň täsiri bilen topragyň zaýalanyp, guýynyň agzynda çukur görnüşli çöketligiň emele gelmegidir.


Guýuda ýa-da buraw ýerinde ýangyny söndürmek boýunça çykdajylaryň, şeýle hem gymmatly düzümleriň, köpürjik emele getirýän düzümleriň ýa-da ýangynlary söndürmek üçin peýdalanylýan islendik beýleki serişdeleriň bahasynyň ýangyn mahaly olara zeper ýetendigine (ýitirilendigine) ýa-da ýangyny söndürmek üçin peýdalanylandygyna garamazdan, ätiýaçlandyryş arkaly öwezi dolunmaýar.


Kraterleriň, grifonlaryň ýa-da çukurlaryň emele gelmeginiň ýa-da bolmasa nebitiň, gazyň ýa-da suwuň atylyp çykmagynyň bes edilmegi ýa-da öňüniň alynmagy boýunça islendik çykdajylar hem ätiýaçlandyryş arkaly öwezi dolunmaýar.


Şu Kadalara laýyklykda Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:

a) eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyrylan enjamlary özbaşdak ýagdaýda we diňe öz işçi güýçlerini peýdalanmak bilen ulanmaga;

b) buraw işleri geçirilýän ýerde aýlawly burawlaýan enjamlar üçin Türkmenistanyň degişli edaralary tarapyndan bellenilen tertibi we kadalary, şeýle hem ähli zerur howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge;

c) burawlanylýan mahaly buraw ergini hökmünde düzüminde nebit, ýag bolan ýa-da howalandyrylan garyndylaryň peýdalanylmagyna ýol bermezlige, emma munuň özi “goşmaça burawlamak”, buraw guralyny “tutmak” üçin, şeýle hem ýol berilýän beýleki halatlaryň düzüminde ýag bolmadyk garyndylaryň peýdalanylmagynyň  mümkinçiligini aradan ayýrmaýar.


Eger kärendä almak ýa-da buraw enjamlaryna tehniki hyzmat etmek üçin baglaşylan şertnamalar arkaly kärendä berijiniň ýa-da tehniki hyzmaty edýän guramanyň kärendä berlen işleriň ýa-da bolmasa olaryň tehiniki hyzmaty edýän buraw enjamlarynyň ygtybarlylygy ýa-da hili babatda haýsydyr bir çäklendirmeler göz öňünde tutulýan bolsa, şonda şeýle çäklendirme şu Kadalara laýyklykda öwezi dolunýan ýitgiler boýunça Ätiýaçlandyryjynyň regres yglan etmäge bolan hukugyna täsir etmeýär.


Islendik halatda şu aşakdakylaryň öwezi dolunmaýar:

- boş durulmagy, ätiýaçlandyrylan enjamy peýdalanmagyň wagtlaýyn   mümkin däldigi we başga gytaklaýyn zeleller; 

- ogurlanylmagy, ýitmegi ýa-da beýleki öwsele zelelleri;

- içerki döwükler, motoryň partlamagy ýa-da beýleki sebäpler netijesinde enjama zeper ýetmegi;

- şeýle enjamyň taslanylmagynda, onuň gurnalmagynda ýa-da gurluşynda göýberilen ýalňyşlyklar netijesinde ýüze çykan zeleller;


Tölenilen ätiýaçlandyryş öwezini doluşyň möçberi könelmegini nazara almak bilen, zeper ýeten ýa-da ýok edilen enjamyň hakyky bahasyndan geçmeli däldir.

HYZMATDAŞLARYMYZ

HEMIŞE ONLAÝN

BIZ SIZE GARAŞÝARYS!