Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157




Türkmenistan, Aşgabat, 744013, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 157
Ätiýaçlandyrýan (jogapkärçilik töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahs) tarapyndan öndürilen (ýerlenen) harytlaryň, ýerine ýetirilen işleriň, edilen hyzmatlaryň kemçilikleri (ýetmezçilikleri) netijesinde Ätiýaçlandyrýanyň (jogapkärçilik töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahsyň) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna, emlägine, daşky gurşawa ýetirilen zyýan üçin raýat jogapkärçiliginiň ýüze çykmak töwekgelçiligi bilen bagly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.
Olar üçin jogapkärçilik ätiýaçlandyrylan önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň görnüşi ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilýär, şunda aşakdaky şertler berjaý edilmelidir:
1) jogapkärçilik
töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen harytlary
öndürmäge (ýerlemäge, ibermäge),
işleri ýerine ýetirmäge, hyzmatlary etmäge bolan hukugyny tassyklaýan
resminamalary bolmalydyr;
2) öndürilen (ýerlenen) haryt, ýerine ýetirilen iş, edilen
hyzmat tehniki şertlere, standartlara ýa-da beýleki
kadalaşdyryjy-tehniki resminamalara laýyklygy babatynda öndürijiniň (ýerine
ýetirijiniň) gözegçiliginden geçen bolmalydyr, bu barada öndürijiniň (ýerine
ýetirijiniň) we degişli
ygtyýarly garaşsyz
edaranyň (standartladyryjy,
metroligiki, synag ediji we
ş.m. edaranyň) resminamalaýyn tassyknamasy bolmalydyr;
3) harydyň öndürilen (ýerlenen) (işleriň geçirilen, hyzmatlaryň edilen) ýeriniň we Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda hökmany sertifikatlaşdyrylmaga degişli harydyň (işiň, hyzmatyň) laýyklyk sertifikaty bolmalydyr;
Ätiýaçlandyrýan (jogapkärçilik töwekgelçiligi ätiýaçlandyrylan şahs) öndürilýän harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň, edilýän hyzmatlaryň hilini dolandyryş ulgamyny üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreleriň resminamalaýyn tassyknamasyny berip biler;
Ätiýaçlandyryş şertnamasy onda görkezilen ätiýaçlandyryş çäginde hereket edýär; ätiýaçlandyryş çägi Türkmenistanyň çägi diýip düşünilýär, eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy, görkezilen ätiýaçlandyryş çäginde hereket edýär.